Älemiýet Habarlary

Weda hutbasy

----19 maý 2026
Weda hutbasy

Eý adamlar!

Sözlerimi gowy diňläň.

Bilemok, belki-de şu ýyldan soň bu ýerde siziň bilen bakylykda gaýtadan duşuşyp bilmerin.

Eý Adamlar!

Arefe güni nähili mukaddes bir gün bolsa, Zilhijje aýy nähili mukaddes bir aý bolsa, Mekge şäheri nähili mübarek bir şäher bolsa; janyňyz, mallyňyz, namysyňyz hem şeýle mukaddesdir, her hili hüjümden goraglydyr.

Egindeşlerim!

Ertir Rebbiňize gowuşarsyňyz we şu günki ähli hereketleriňizden soralar. Menden soň öňki azgynlyklara dolanyp, biri-biriňizi öldürmäň. Bu wesýetimi şu ýerde bolanlar bolmadyklara ýetirsin. Belki-de ýetirilýän adam, bu ýerde bolup eşidenden has gowy düşünip, gorap biler.

Egindeşlerim!

Kimde bir amanat bar bolsa, ony eýesine bersin.

Faiziň ähli görnüşi ýatyryldy, aýagymyň astyndadyr.

Ýöne bergiňiziň asyl bölegini bermegiňiz zerurdyr. Ne zulum ediň, ne-de zuluma sezewar boluň.

Allanyň buýrugy bilen faizlik indi gadagandyr. Jahyliýetden galan bu ýigrenji endigiň ähli görnüşi aýagymyň astyndadyr. Ilki ýatyran faýyz hem Abdulmuttalybyň ogly Abbasyň faýzydyr.

Egindeşlerim!

Jahyliýet döwründe dowam eden ganly ar alyşlar hem ýatyryldy. Ilki ýatyran ganly ar alyşym hem Abdulmuttalybyň agtygy Rabianyň ganly ar alyşydyr.

Eý Adamlar!

Şu gün şeytan siziň şu topraklaryňyzda täzeden täsir we höküm sürmek güýjüni bakylykda ýitirdi. Ýöne bu ýatyran zatlarymdan başga kiçi gören işlerde oňa uýsaňyz, bu hem ony begendirer. Diniňizi goramak üçin bulardan gaça duruň.

Eý Adamlar!

Aýallaryň hukuklaryny goramagyňyzy we bu meselede Alladan gorkmagyňyzy maslahat berýärin. Siz aýallary Allanyň amanaty hökmünde aldynyz; olaryň namyslaryny we päkligini Allanyň adyna söz berip halal edindiniz. Siziň aýallar üstündäki hukugyňyz bar, olaryň hem siziň üstüňizde hukugy bar. Siziň aýallar üstündäki hukugyňyz; olaryň öý ojagyny, halamaýan hiç bir adama basgylatmazlyklarydyr. Aýallaryň hem siziň üstüňizde hukugy; däbe görä ähli iýmit we geýimlerini üpjün etmegiňizdir.

Eý Möminler!

Siziň üçin iki amanat goýup gidýärin, olara berk ýapyşsaňyz ýoluňyzy hiç wagt azaşmarsyňyz. Bu amanatlar Allanyň kitaby Gurhany Kerim we Pygamberiň sünnetidir.

Eý Möminler!

Sözlerimi gowy diňläň we gowy gorap saklaň! Müslüman musulmanyň doganydyr we ähli musulmanlar dogandyr. Din doganyňyza degişli bolan islendik hukuga kast etmek halal däldir. Ýöne ýürek hoşlugy bilen berlen başga.

Egindeşlerim!

Özüňize hem zulum etmäň. Nefsiziň hem siziň üstüňizde hukugy bardyr.

Eý Adamlar!

Rebbiňiz birdir. Atanyňyz hem birdir. Hemmäňiz Adamyň perzentlerisiniz, Adam bolsa toprakdandyr. Araplaryň arap bolmadyklara, arap bolmadyklaryň hem araplaryň üstünde artykmaçlygy ýokdur; gyzyl deriliniň gara deriliniň üstünde, gara deriliniň hem gyzyl deriliniň üstünde artykmaçlygy ýokdur. Artykmaçlyk diňe takwadadyr. Allanyň öňünde iň gymmatlyňyz Ondan iň köp gorkýanlaryňyzdyr.

Eý adamlar!

Jenaby Hak her hak eýesine hakyny berdi. Her kim öz eden günäsinden jogapkärdir. Ata oglunyň, ogly hem atasynyň günäsinden jogapkär däldir.

Üns beriň! Şu dört zady asla etmäň:

Allaha hiç zady şärik goşmaň.

Allanyň haram we eldegrilmesiz eden janyna nädogrylyk bilen kast etmäň.

Zina etmäň.

Ogrylyk etmäň.

Eý adamlar!

Ertir menden siziň üçin sorajaklar. Näme diýersiňiz?

Egindeşler jogap berdi:

"Allanyň risalatyňy ýetirdiň; risalet wezipesini ýerine ýetirdiň, bize wesýet we nesihat etdiň diýip şaýatlyk edýäris."

Resulullah şaýat barmagyny göge galdyryp üç gezek

"Şaýat bol! eý Reb!

Şaýat bol! eý Reb!

Şaýat bol! eý Reb!"

Hezreti Muhammet Sallallahu Aleýhi we Sellem

Bu makala hoşuňyza geldimi?

Dostlaryňyz bilen paýlaşyň