Gündogar Türkistanda Hytaý tarapyndan amala aşyrylýan zulumy ýigrenç bilen ýazgarýarys

1949-njy ýyldan bäri Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan dolandyrylýan Gündogar Türkistanda, adam hukuklarynyň bozulmagy durmuşyň ähli ugurlarynda barha güýçlenip dowam edýär.
Hytaý hökümeti, aýratyn-da sebitde ýaşaýan ýerli ilatdan dynmak üçin durmuşa geçiren we 2018-nji ýylda hem hemra suratlary hem-de şaýatlyklar bilen subut edilenden soň "toplama lagerlerini" jenaýaty we jenaýatkäri gizläp, dünýäde "hünär öwrediş kursy" hökmünde kabul etdirmäge çalyşýar, şeýlelikde Gündogar Türkistanlylary terrorizmden, diskriminasiýadan we ekstremizmden arassalajakdygyny öňe sürýär. Aslynda bolsa bu lagerlerde adamzada garşy jenaýatlar edilýär we lagerlerde galan köp adamdan gaýtadan habar alynmaýar.
Bir milleti we bir dini ynanjy ýok etmek maksady bilen alnyp barylýan ulgamlaýyn hereketleriň bardygyny göz öňünde tutanyňda, agzalan hereketleriň ‘Adamzada garşy jenaýatlar’ çäginde bolandygy inkär edip bolmajak hakykatdyr.
Hytaý hökümetiniň "Ekstremizme garşy göreş düzgünnamasyny" kabul eden 2017-nji ýylyň mart aýyndan bäri, Gündogar Türkistan sebitinde lagerlere ýapylyp goýlan Uýgur türkileriniň sany çalt artýar. Düzgünnama görä, "adaty" bolmadyk sakal goýbermek, peçe ýa-da başörtük dakynmak, namaz okamak, oraza tutmak, arak içmezlik ýa-da yslam ýa-da uýgur medeniýeti bilen bagly kitaplary ýa-da ýazgylary saklamak ýaly dini ýa-da medeni degişli açyk ýa-da hatda hususy ýerde görkezmek "ekstremizm" hökmünde baha berilýär.
Işlemek ýa-da bilim almak maksady bilen esasan musulman ilaty köp bolan ýurtlara gitmek ýa-da Hytaýdan daşary ýaşaýan adamlar bilen aragatnaşyk saklamak hem adamlary şübheli ýagdaýyna düşürýän esasy sebäpleriň arasynda ýerleşýär. Erkek-zenan, ýaş-garry, şäherli-oba ýaşaýjysy tapawudy bolmazdan hemmeler, tussag edilmek howpy astyndadyr.
Halkara Amnistiýa Guramasynyň çap eden ‘Hytaý: Olar nirede? Şinjiang Uýgur Awtonom Sebitindäki köpçülikleýin tussag etmeler barada jogap bermek wagty’ atly hasabatynda bu bozulmalar şaýatlaryň beýanlary bilen subut edilendir. Halkara Amnistiýa Guramasynyň Gündogar Aziýa direktory Nikolas Bequeliniň bu mesele boýunça, “Hytaý hökümetiniň etniki azlyklary nyşana alýan hapa syýasatlaryny dowam etdirmäge ýol berilmemeli. Dünýäniň ähli ýerindäki hökümetler, Şinjiang Uýgur Awtonom Sebitinde bolup geçýän betbagtçylyk sebäpli Hytaýdan jogap soramaly” diýen beýanaty hem ýagdaýyň agyrlygyny açyk görkezýär.
Bir millet doly inkär edilýär, ybadat azatlygy ýok sayylýar, türkmençe atlar we ýazgylar gadagan edilýär, Gündogar Türkistan sebitine bilkastlaýyn Şinjiang ady berilýär. Bu çäreler bilen millet şatyny ýok etmek maksat edinilýär. Agzalan sebitiň gadymy Hytaý topragy bolandygy öňe sürülip, sebit taryhy we gymmatlyklary äsgerilmeýär.
Ähli degişli taraplary bu ýerde jogapkärçilik almaga, BMG Baş Assambleýasy başda bolmak bilen halkara ähli guramalary, öňüni alyjy sanksiýalary derhal gün tertibine getirmäge çagyrýarys, halkara jemgyýetçiligini Gündogar Türkistan Uýgur halky üçin hereket etmäge çagyrýarys.
(Çeşme : https://shorturl.at/Zwvd8)